Microsoft Corp. 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde arassa girdejisini 20%, girdejisini 8,3% ýokarlandyrdy, görkezijileriň ikisi-de analitikleriň çaklanyndan ýokary boldy. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, aprel-iýun aýlarynda arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 16,74 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,23 dollar bilen deňeşdirilende, 20,081 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,69 dollar boldy diýip, interfax.ru belleýär. Girdeji bir ýyl ozalky 51,865 mlrd dollara garşy 56,189 mlrd dollar boldy. Walýuta hümmetiniň üýtgemelerini hasaba almazdan, görkeziji 10% ýokarlandy. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň düşewündini ortaça 55,5 mlrd dollar girdejide paý üçin 2,55 dollar derejesinde çaklapdylar. Geçen çärýek kompaniýa paýdarlara paýnamalary satyn almak we diwidend tölegleri arkaly 9,7 mlrd dollar gaýtaryp berdi. Microsoft-yň paýnamalarynyň bahasy sişenbe güni goşmaça söwdada hasabat neşir edilenden soň 3,7% peseldi. Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 27,4% (2,57 trln dollara çenli) ýokarlandy, Dow Jones Industrial Average fond indeksi bolsa 5,7% ýokarlandy.