Amerikanyň Tesla kompaniýasy müşderilerine ýedi ýyllyk karzyna awtoulag satyn almagy teklip etdi. Bu barada Electrek neşiri habar berýär. Habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň pikiriçe, 84 aý ýa-da 7 ýyl karz bermek mümkinçiligi korporasiýanyň web sahypasynda peýda boldy. Täze sarp edijiler elektrik awtoulagyny karzyna alyp, onuň doly bahasyny ýedi ýyllap töläp bilerler. Bu hyzmat ABŞ-da eýýäm ýola goýlup başlandy. 32 000 dollar bahasy bolan Model 3 markasynyň iň amatly awtoulagynda başlangyç tölegiň mukdary 4,5 müň dollar, aýlyk töleg 551 dollar bolar. Şeýlelik bilen, Tesla elektrik awtoulagynyň karz stawkasy 6,39 göterim, şeýlelikde, artykmaç tölegi goşmak bilen, onuň bahasy 46 000 dollara düşýär. Electrek-iň hünärmenleriniň pikiriçe, täze usul awtoulag sürüjisiniň köpüsine gymmat bahaly elektrikli awtoulag satyn almaga mümkinçilik berer. Neşiriň awtorlary bu teklibiň, esasanam, göterimleriň ýokarydygy sebäpli möhümdigini bellediler.