Arheologlar Rimiň merkezinde, Watikanyň golaýynda b.e. I asyryna degişli gadymy teatryň harabalyklaryny ýüze çykardylar. Çaklamalara görä, bu Gadymy Rimiň imperatory Neronyň çykyş etmegi gowy görýän teatry bolup biler diýip, mail.ru «Corriere della sera» gazetine salgylanyp habar berýär. «Theatrum Neronis» atly şeýle teatryň bolandygy gadymy döwrüň alymlary Pliniýniň, Swetoniýniň, Tasitiň ýazgylarynda beýan edilýär. Şolaryň ýazgylaryndan hem bu teatryň ýerleşip biljek ýeri baradaky maglumatlar alyndy. «Plasso della Rowere» köşgüniň howlusynyň 5 mert çuňlugynda ak we reňkli mermerden altyn bilen bezelen sütünler hem-de beýleki antik döwre degişli tapyndylar ýüze çykaryldy. Gazuw-agtaryş işleri 2020-nji ýyldaky gaýtadan dikeldiş işleriniň dowamynda başlandy we birnäçe açyşlaryň üstünden eltdi. Arheologlar gowy ýagdaýda saklanan çüýşe küýzeleri we käseleri, keramiki güldanlary, şeýle hem dini maksatly serişdeleri tapdylar.