«Infinix» kompaniýasy özüniň täze «GT 10 Pro» oýun smartfonyny tanyşdyrmaga taýýarlyk görýär. Ol «Nothing Phone 2-ä» meňzeş dizaýna we smartfonlaryň bazaryndaky tiz çalt zarýad almak mümkinçiligine eýe bolar diýip, gazeta.ru «MyDrivers» portalyna salgylanyp habar berýär. Smartfon 26 Gb operatiw ýada eýe bolar. Onda goşmaça ýadyň bir bölegini operatiw ýat üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýän «Dynamic RAM Expansion» (DRE) tehnologiýasy hem ornaşdyrylar. Onuň operatiw ýadynyň 16 GB çenli ýetjekdigi hem bellenilýär. Şeýle hem «GT 10 Pro» smartfonynda «MediaTek Dimensity 8050» çipi, 108 Mp esasy kamera, Full HD+durulykly we täzelenen 120 GS ýygylykly uly AMOLED ekran ýerleşdiriler. Onuň akkumulýatorynyň sygymy 7000 mAs bolup, 260 Wt kuwwatly zarýad beriji bilen üpjün ediler. Häzirki wagtda bu görkeziji boýunça rekord dereje 4600 mAs sygymly batareý we 240 Wt kuwwatly zarýad beriji bilen «Realme Gt3» smartfonuna degişlidi. «Infinix GT 10 Pro» resmi taýdan 3-nji awgustda tanyşdyrylar. Onuň bahasynyň $500 golaý bolmagyna garaşylýar.