Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky (ýerleşýän ýeri Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýew Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakoba ynanç hatyny gowşurdy. Ynanç hatyny gowşurmak dabarasyndan soňra Singapuryň Prezidenti bilen ilçiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ilçi Türkmenistanyň Singapur bilen dürli ugurlarda, hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe, saglygy goraýyş, senagat, maglumat, nebithimiýa, ulag-logistika, şähergurluşyk, şeýle hem medeni-ynsnaperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hususan-da, ilçi Türkmenistanyň “akylly şäherleri” gurmak we dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanmasynyň bardygyny belläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň milli we halkara infrastruktura taslamalaryny işjeň öe sürüp, durmuşa geçirýändigini belläp, şeýle taslamalaryň biriniň ýurduň ilkinji “akylly şäheri” Arkadag şäheri taslamasy bolup durýandygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir