Russiýaly awtosürüji Roman Rusinow hususy sportkarynyň dizaýny üçin patent aldy. Awtoulagyň senagat maksatly nusgasynyň şekilleri Federal senagat eýeçiligi institutynyň binýadynda çap edildi. Rusinow patentiň eýesi hökmünde görkezilýär. Awtoulag ösen aerodinamiki aýratynlyga eýedir, onuň üçeginde howa akymy üçin ýörite gurluş we motor bölüminiň üstünde «ýüzgüç» ýerleşýär. 13-nji iýulda Rusinowyň «Rossa» haryt nyşanyny resmileşdirendigi mälim boldy. «Rossa» ätiýaçlyk şaýlaryny, ýörite lybaslary we ulag serişdelerini öz içine alýan köpugurly önümçilige ýöriteleşer. «Rossa» kysymly sportkarynyň sport awtoulagynyň önümçiligi bilen meşgullanan we 2014-nji ýylda ýapylan Russiýanyň «Marussia Motors» kompaniýasynyň öňki baş konstruktory Igor Ýermilin tarapyndan işlenip düzülýändigi bellenilýär.