Awtomobilleri kärendesine bermek hyzmatlaryny hödürleýän StressFreeCarRental kompaniýasy iň asuda howa menzillerini tapmak üçin dünýäniň iň meşhur howa menzilleri barada maglumatlary ýygnady. Bu barada Tengitravel.kz habar berýär. Hünärmenler ýylyň dowamynda syýahatçylaryň umumy sanyna, şäher merkezinden uzaklygyna, awtoulag duralgasynyň bahalaryna we hil derejesine esaslanyp, reýting düzdüler. Bu şeýle düşündirilýär: ýolagçy akymy näçe az bolsa, şonça-da howa menzilindäkiler stressi az başdan geçirýärler. Şonuň ýaly-da, şähere näçe ýakyn bolsa, şonça-da transport arzan we meseleler az bolýar. Maksat iň az "stressli" howa menzilini tapmakdy. Ýewropanyň iň asuda howa menzilleriniň ilkinji üçlügine Wilnýusyň, Billunnyň we Lýuksemburgyň howa duralgalary girdi. Iň gowularyň doly onlugy şeýle görnüşde: 1. Wilnýus (Litwa) 2. Billunn (Daniýa) 3. Lýuksemburg (Lýuksemburg) 4. Menorka (Ispaniýa) 5. Gannower (Germaniýa) 6. Nýukasl (Beýik Britaniýa) 7. Korfu (Gresiýa) 8. Tronheým (Norwegiýa) 9. Turin (Italiýa) 10. Kalýari-Elmas (Italiýa).

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir