Xiaomi 2020-nji ýylda çykan alty sany meşhur smartfon modeli üçin goldawyň gutarandygyny habar berdi. Bu barada XiaomiUI portaly habar berýär. Könelişen smartfonlaryň arasynda flagman Xiaomi Mi 10, Mi 10 Pro we Mi 10 Ultra, şeýle hem býujet Redmi Note 9 Pro, Redmi Note 9C we Redmi Note 10 5G bar. Bu enjamlar indi öndürijiden operasiýa ulgamynyň täzelenmelerini we howpsuzlyk programmasyny almaz. Könelen smartfonlaryň ulanylmagy eýeleriniň maglumatlarynyň howpsuzlygyna zyýan ýetirip biler, sebäbi hakerler howpsuzlyk programmalary bilen düzedilen täze gowşaklyklary tapýarlar. Wagtynda täzelenmeleriň bolmazlygy öndürijiniň kemçilikleri düzetmejekdigini aňladýar. 2023-nji ýylyň dekabrynda hytaý kompaniýasynyň täzelenen MIUI 15 programma üpjünçiligi bilen birlikde Xiaomi 14-iň setiriniň flagman smartfonlaryny hödürlemegine garaşylýar.