Google korporasiýasy «KitKat» ady bilen hem meşhur bolan «Android 4.4» operasion ulgamyny goldamagyny dolulygyna bes edýändigini yglan etdi. «Android KitKat» ulagmynyň API interfeýsi awgust aýyndan goldanylmagyny gutarnykly bes eder. Şeýle hem «Android 4.4» ulgamynda «Google» hyzmatlarynyň işlemejekdigi bellenilýär. Munuň sebäbi ozal meşhur bolan operasion ulgamyny ulanyjylaryň 2023-nji ýylda örän az bolmagydyr. Hasaplamalara görä, 4.4 nusgasy «Android» operasion ulgamynda işleýän ähli enjamlaryň diňe 1 göteriminde elýeterlidir. «Android 4.4 KitKat» 2013-nji ýylda çykarylypdy. Ol öz döwründe iň meşhur operasion ulgamy bolupdy. Ol giňeldilen NFC ulgamyna eýedir we köpugurly mümkinçilikleri özünde jemleýär. Onuň iň soňky nusgasy 2014-nji ýylda çykypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir