Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Gonkongyň we Indoneziýanyň milli ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär. Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 8-nji sentýabra meýilleşdirildi. Duşuşyk Surabaýa şäherinde (Indoneziýa) «Gelora Bung Tomo» stadionynda geçiriler. Gonkongyň milli ýygyndysy bilen duşuşyk 12-nji sentýabrda geçiriler. FIFA-da sentýabrda geçiriljek duşuşyklar Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyryna taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer. Saýlama tapgyryň bijeleri 27-nji iýulda Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasynda geçiriler.