Täze doly göwrümli Beats Studio Pro flagmany, esasan, Studio3 Wireless-iň ýerine geldi: ähli häsiýetnamasy diýen ýaly häzirki ýagdaýlara laýyk täzelendi. Şonuň üçin hem resmi web sahypada iki model deňeşdirilýär. Mysal üçin, täze 40mm draýwerler iň ýokary ses derejesinde 80% az akustiki ýoýulmany üpjün edýär. Dinamikdäki magnitler 25% güýçlendirildi. Mikrofonlar Studio3 Wireless bilen deňeşdirilende 27% dury ýaňlanýar. Daşky görnüşi hem täzelendi. Mysal üçin, ahyry munda Type-C bar, 2017-nji ýylda görkezilen iň soňky modelde microUSB bardy we bu eýýäm Apple-iň günleri boldy! Häzirki zaman Apple-iň gulaklyklaryna mahsus bolşy ýaly, açyk ýagdaýda we giňişlikdäki ses režimlerinde işlemäge ukyply işjeň sesbasyjyny aldy. Ýogsa-da, soňky aýratynlyk AirPods-yň setirine ilkinji gezek çykdy. Beats Studio Pro Type-C kabeli arkaly dolybahaly Lossless-i goldaýan ilkinji Apple gulaklyklary boldylar. Şeýle hem ses kabelini iki tarapdaky "jekler" bilen köne usulda birikdirip bilersiňiz. Batareýa 40 sagada ýeter. On minut zarýad bermek size dört sagat aýdym diňlemäge mümkinçilik berer. Beats Studio Pro eýýäm satuwa çykdy. ABŞ-da bahasy salgytdan öň 349,99 dollar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir