Britaniýanyň inženerçilik we tehnologiýa institutynyň alymlary Aýda ilkinji futbol oýny 2035-nji ýylda geçirilip bilner diýip hasaplaýarlar. Şol wagta çenli adamzadyň Aýy eýýäm ol ýerde sport ýaryşyny gurap biler derejede özleşdirip biljekdigine ynanýarlar. Bu barada Daily Mail ýazýar. Hünärmenler kosmos futbolynyň oýnuň adaty görnüşinden düýpgöter tapawutlanjakdygyna ynanýarlar. Olaryň pikiriçe, ol 20 minutlyk arakesmeli dört 10 minutlyk taým üçin “bäş-bäş” esasda amala aşyrylmaly. Adaty sport eşiginiň deregine sowadyş funksiýaly uly skafandr geýmeli bolar. Eminleriň ornuny oýnuň gidişine gözegçilik etjek we ýörite tagtada görkezilýän wirtual gyzyl hem-de sary kartoçkalary çykarjak gologrammalar tutar. Futurolog Braýan Dewid Jonson: "2025-nji ýylda boljak Aý missiýasy Aýyň kolonizasiýasyny ýene bir ädim golaýladar, şonuň üçin geljekde Aý üçin güýmenjelerimizi we sportymyzy üýtgetmek hakda haçan pikirlenip başlajagymyzy diňe wagt kesgitlär" - diýdi. Kosmos gözlegleriniň ösdürilmegi "gerekli hünärli ýaş hünärmenleriň mümkin boldugyça has köp sanlysynyň ussatlygyny talap eder" -diýdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir