The Elec. ýöriteleşdirilen portalynyň habaryna görä, Günorta Koreýanyň Samsung elektronika öndürijisi Galaxy Ring markaly “akylly” ýüzügiň üstünde işläp başlady. Barmaga dakylýan ýüzük görnüşinde ýasalan gajetde Ýaponiýanyň Meiko kompaniýasynyň böleklerini ulanmak meýilleşdirilýär. "Akylly" ýüzükler eýeleriniň saglygy baradaky maglumatlary ýygnaýan we olary gajet bilen baglanan smartfonlara iberýän dürli datçiklerden ybarat enjamlardyr. Üzükler, akylly sagatlar bilen deňeşdirilende, bedene has ýakyn ýerleşýändigi sebäpli, täze enjamlaryň has takyk ölçegleri üpjün edip biljekdigine ynanylýar. Eýýäm dürli datçikli we Bluetooth goldawly “akylly” ýüzükleri hödürleýän Finlýandiýanyň Oura kompaniýasy hem şeýle diýýär. Fin öndürijisiniň bellemegine görä, markaly mini-gajetleriň agramy 4-6 gram aralygyndadyr we 80 minutlyk zarýad bilen bir hepdä çenli ulanyp bolýar. Örän duýgur temperatura datçikleri, saglyk ýagdaýy ýaramazlaşmanka, ýüzük eýelerine bu barada duýduryş berip bilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir