Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Milli kosmos agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Humbulani Mudau GAR-yň iki zenan astronawtyň kosmosa uçuşyny guramagy we olary Halkara kosmos stansivasyna ibermegi meýilleşdirýändigini belledi. Ol bu teklibi «Roskosmosyň» ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Borisow bilen geçirilen duşuşykda öňe sürdi diýip, TASS habar berýär. Ozal, BAE-niň ilkinji astronawty Hazzaa Al-Mansuri «Roskosmos» arkaly Halkara kosmos stansiýasyna uçupdy. Ýeri gelende bellesek, Ýuriý Borisow Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda Russiýanyň orbita stansiýasynyň (ROS) 2032-nji ýyla çenli döredilmeginiň wajypdygyny habar beripdi. Borisowyň pikiriçe, ROS Russiýanyň HKS-däki bölümine görä has netijeli işlär. Şeýle hem ROS-yň ilkinji ekipažynyň iki sany kosmonawtdan ybarat boljakdygy habar berildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir