ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen resmi goşundysy eýýäm indiki hepde Google Play-de elýeterli bolar. Bu barada Gazeta.ru GizmoChina neşirine salgylanyp habar berýär. Ýakyn wagtda ChatGPT-niň Android operasion ulgamynda işleýän goşundysynyň çykjakdygyny çat-botlary işläp düzmäge ýöriteleşen «OpenAI» kompaniýasy özüniň «Twitter-däki» sahypasynda habar beripdi. Şol habarda hem häzirden müşderileriň «Google Play-de» öňünde sargyt etmek mümkinçiliginiň bardygyny belledi – şeýle edilende ykjam goşunda elýeterli bolan badyna awtomatiki ýagdaýda smartfona ýüklenilýär. Ýeri gelende bellesek, ChatGPT-niň iOS operasion ulgamynda işleýän goşundysy birnäçe aý mundan ozal ulanyjylara ýetirilipdi. «OpenAI» kompaniýasynyň bu goşundysy bir hepdeden hem az wagtyň içinde 500 müň gezek ýüklenildi. ChatGPT-niň Android üçin niýetlenen goşundysynyň hem «iOS» ulgamynda bolşy ýaly, iki görnüşde: tölegli we tölegsiz nusgalarda elýeterli bolmagyna garaşylýar. Tölegli nusgany ulanyjylar, ilkinji bolup, goşundynyň täze mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir