Twitter tassyklanmadyk ulanyjylaryň iberip biljek şahsy habarlarynyň sanyna gündelik çäklendirme girizmekçi. The Verge bu barada Twitter goldaw hyzmatynyň neşir eden habaryna salgylanyp ýazýar. Bu çäre platformadaky "spamyň mukdaryny azaltmak" üçin zerurdyr. Twitter gündelik çäklendirmäniň nähili boljagyny takyk aýtmady. Şol bir wagtyň özünde Twitter Blue-nyň abunaçylary henizem öňküler ýalky çäksiz mukdarda habar iberip bilerler. Neşir täzelikleriň bir hepdäniň içinde sosial ulgamda peýda boljakdygyny belleýär. 13-nji iýuldan başlap Twitter platformanyň meşhur ulanyjylary bilen mahabat girdejilerini paýlaşyp başlady. Tölegler “Stripe” hyzmat-hyzmatdaşyndan geçer. Soňky üç aýda 15 milliondan gowrak habary görlen Twitter Blue-yň abunaçylary monetizasiýa maksatnamasyna gatnaşyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde jynsy, maliýe piramidalary ýa-da çalt baýamagyň shemalary, zorluk, humarly oýunlar, neşe serişdeleri, spirtli içgileri we jenaýatçylykly hereketler bilen bagly mazmunyň awtorlary töleg alyp bilmezler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir