Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar arkaly iki halkyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Filippinler Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir