ABŞ-de geçirilýän türgenleşik ýygnanyşyklarynyň çäklerinde dostluk duşuşygynda Ispaniýanyň «Real» futbol topary Italiýanyň «Milan» toparyndan üstün çykdy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär. Düýn Pasadena şäherinde geçirilen oýun madridlileriň peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Federika Walwerde (57-nji we 59-njy minutlarda) hem-de Winisius Žunior (84-nji minut) tapawutlanmagy başardylar. «Milan» 25-nji minutda Fikaýo Tomoriniň geçiren pökgüsi bilen ilkinji bolup hasaby açsa-da, 42-nji minutdaky Luka Romeronyň pökgüsi hem topara ýeňiş gazanmak üçin ýetmedi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir