"Red Bull" toparyndan niderlandly Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Wengriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Ýaryş "Hungaroring" awtodromynda geçirildi. Ikinji orny "Maklarenden" britaniýaly Lando Norris eýeledi. Liderleriň üçlügini "Red Bull" toparynyň ýene bir sürüjisi meksikaly Serhio Peres jemledi. Norris "Formula-1-iň" Gran-pri tapgyrynyň yzygider ikinji gezek baýrakçysy boldy. Mundan öň ol 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri liderleriň üçlügine goşulmandy. Werstappen yzygider ýedinji ýeňşi gazanyp, germaniýalylar Niko Rosberg bilen Mihael Şumaheriň, şeýle-de italiýaly Alberto Askariniň netijelerini gaýtalady. Yzygider has köp ýeňşi diňe germaniýaly Sebastýan Fettel (9) gazanypdy. "Red Bull" topary Gran-pri tapgyrlarynda gazanan yzygider ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy - 12. Ol häzirki möwsümde ähli Gran-pri tapgyrlarynda ýeňiş gazandy, şeýle-de geçen möwsümde jemleýji tapgyryň ýeňijisi boldy. Öňki rekord 1988-möwsüminde yzygider 11 ýeňiş gazanan "Maklaren" toparyna degişlidi. Umumy sanawda Werstappen 280 utuk bilen birinji orny eýeleýär. Üçlüge 171 utuk bilen Peres we 139 utuk bilen Fernando Alonso hem girýär. Konstruktorlaryň kubogynda "Red Bull" (451) lider bolup, onuň yzyndan "Mersedes" (223) we "Aston Martin" (184) gelýär. Indiki Gran-pri tapgyry 28-30-njy iýulda Belgiýada geçiriler.