Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň taslamasy taýýarlandy. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi. Bellenilişi ýaly, şeýle hem Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamasy taýýarlanyldy.