Keniýaly ýeňil atletikaçy Kipýegon anna güni Monakoda geçirilen «Brilliant ligasynda» bir mil (1 609 metr) aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Türgen aralygy 4 minut 7,64 sekuntda geçdi. Öňki rekord niderlandly Sifan Hassana degişlidi, ol 2019-njy ýylda 4 minut 12,33 sekunt netijäni görkezipdi. Kipýegon şu tomus üçünji dünýä rekordyny goýdy. 2-nji iýunda türgen 3 minut 49,11 sekunt netije bilen 1500 metr aralyga, 9-njy iýunda bolsa 5000 metr aralyga (14 minut 5,20 sekunt) ylgamakda iň gowy üstünligiň eýesi boldy. Onuň görkezen netijesi degişlilikde efiopiýaly Genzebe Dibabanyň (3:50,07) we Letesenbet Gideýiň (14:6,62) netijelerinden üstün boldy. Kipýegon 29 ýaşynda. Ol 1500 metr aralyga ylgamakda iki gezek dünýäniň (2017, 2022) we Olimpiýa oýunlarynyň (2016, 2021) çempionydyr. Mundan hem başga türgen şol bir aralyga ylgamakda iki gezek dünýä çempionatlarynyň (2015, 2019) kümüş medallaryny aldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir