Ilon Maskyň eýeçiligindäki Neuralink kompaniýasy adam beýnisine ýerleşdirilen datçik arkaly dolandyrylýan protez agzalary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada anna güni Business Insider portaly habar berdi. Neuralink-iň neýrotehniki ösüşlerini we Teslanyň Optimus adampisint robotyny döretmekdäki tejribesini birleşdirsek, "onda edil biologikä birmeňzeş we geljekde hasam gowy "robot el ýa-da aýak döretmek üçin mümkinçilik açylar" – diýip, portal Maskyň sözlerini getirýär. "Biz hakykatdanam ajaýyp mümkinçilikleri bolan kiberbedeni döredip biljekdigimize ynanýarys" – diýip, telekeçi belleýär. Neuralink startapy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, geljekde adam beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri işläp düzmek bilen meşgullanýar. Telekeçi şeýle nerw interfeýsleriniň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem adamlara pikir güýjüni ulanyp kompýuteri nädip dolandyrmalydygyny öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar. 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda kompaniýa ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginden (FDA) adamlarda kliniki synaglary geçirmäge rugsat alandygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir