Türkmenistanyň howa menzilleriniň infrastrukturasynyň ösenligini göz öňünde tutup, onlarça daşary ýurt awiakompaniýalary agyr ýük laýnerlerinde söwda maksatly yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Şeýle awia ýükdaşaýjylaryň arasynda «CargoLux» ýaly iri awiakompaniýalar bar. Bu barada «Turkmenistaninfo» ýazýar. «Cargolux» awiakompaniýasy Ýewropada howa arkaly ýük daşamakda iri kompaniýa bolup, 2014-nji ýylda 10 göterimden gowrak ösüş depgini bilen dünýäde 7-nji orny eýeleýär hem-de 60-dan gowrak ugurlar boýunça yzygiderli we dünýäniň köp şäherlerine ýörite uçuşlary ýerine ýetirýär. Geografik we ykdysady nukdaýnazaryndan Aşgabat halkara howa menzili üstaşyr we täjirçilik uçuşlary, şeýle hem ýangyç guýyp geçmäge we Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi hökmünde peýdalanmaga tehniki duralgalyk üçin ajaýyp ýerleşendir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir