Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Indoneziýanyň Futbol assosiasiýasy sentýabr aýyndaky FIFA-nyň günlerinde iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar. Indoneziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazylyşy ýaly, ýoldaşlyk duşuşygyny 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherindäki «Gelora Bung Tomo» stadionynda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň we Indoneziýanyň milli ýygyndylary taryhda biri-biri bilen dört gezek duşuşdylar. Indoneziýa Dünýä kubogy ― 2014-iň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşykda 4:3 hasabynda üstün çykan bolsa, ikinji duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Iki ýygyndy ondan ozal Dünýä kubogy ― 2006-nyň saýlama tapgyrynda hem biri-birine garşydaş boldular. Bu duşuşyklarda ýygyndylar biri-birini öz meýdanynda şol bir hasap ― 3:1 hasaby bilen ýeňdiler. Türkmen ýygyndysynyň sentýabr aýynda Gonkongyň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini ýatladýarys. 27-nji iýulda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Dünýä kubogy ― 2026-nyň ikinji saýlama tapgyryndaky topardaşlary belli bolar. Sentýabrdaky ýoldaşlyk duşuşyklary Mergen Orazowyň şägirtleri üçin saýlama duşuşyklara taýýarlygyň möhüm tapgyrlarynyň birine öwrüler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir