Köp bazarlarda iň meşhur bolan Kia Sportage krossoweri 30 ýaşady. Munuň hormatyna içerki bazarda Kia Sportage 2024 30th Edition -yň ýörite wersiýasy hödürlenýär. Tehniki nukdaýnazardan seredilende, ýubileýe bagyşlanan Sportage-iň adaty görnüşden tapawudy ýok, ýöne ähli gapylarda goşa aýnaly penjireler bar, bu salondaky sesiň derejesini ep-esli peseltmeli, onsoňam munda gapdal howpsuzlyk ýassyklary yzky hatarda goýlan. Galany diňe kosmetiki üýtgeşmelerdir: ýükdanyň reýlingleri we gapdal aýnalaryň korpusy gara ýalpyldyly, radiator gözenegi we teker diskleri gara reňkde, oturgyçlar bolsa goýy ýaşyl. Şeýle hem, Kia ilkinji we soňky nesilleriň Sportage-i barada ajaýyp wideo görkezdi - bu modeliň üýtgändigini aýdyň görkezýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir