21-nji iýulda Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar täze şäheriň gözel künjekleri hem-de medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar. Myhmanlar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän we kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherini synlap, onuň binagärlik keşbiniň, şäher ilatynyň ýaşamagy üçin döredilen oňaýly şertleriň özlerinde uly täsir galdyrandygyny bellediler. Şeýle hem koreýaly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler we bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Döwlet sirkiniň meýdançasynda meşhur Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp ýöremegi şowhun bilen garşylanyldy. Koreýaly myhmanlar görkezme çykyşlaryndan soňra, ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülen wekili bilen ýadygärlik surata düşdüler. Şol gün Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary üçin Aşgabatda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar muzeýdäki gadymy we häzirki döwre degişli halylary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen halyçy zenanlarynyň zehininiň, ussatlygynyň aýdyň nyşany bolan bu eserlere haýran galandyklaryny aýtdylar.