Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramaposa çarşenbe güni Günorta Afrikanyň el hereketi diline Günorta Afrikada resmi derejäni berýän kanuna gol çekdi. Dabara SABC ýerli media topary tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. Ramaposa: "El hereketi dili ýurduň 12-nji resmi diline öwrüldi. Oňa täze derejäniň berilmegi Günorta-Afrika Respublikasynyň ilatynyň aglaba böleginiň hukuklarynyň amal edilmeginde möhüm ädim hasaplanýar " -diýdi. Döwlet Baştutanynyň Diwanynyň beýanatynda Günorta Afrikanyň el hereketi dili bu ýurduň dil we medeni mirasynyň möhüm bölegi bolan ýerli dillerdir. Onuň özboluşly grammatiki gurluşy we söz baýlygy bar hem-de başga diller babatynda garaşsyzdyr. Günorta Afrika Respublikasy Afrikada, Keniýadan, Zimbabweden we Ugandadan soň, el hereketi diliniň resmi dile öwrülen dördünji ýurdy boldy.