Özbegistanyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky “Syýahatçylyk hyzmatlaryny sertifikatlaşdyryş merkezi” Döwlet Unitar Kärhanasy kompaniýalar we “Halal MAIB” LLC Halkara Sertifikat Merkezi bilen halal-syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Ähtnamalara gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. "Ähtnama ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagy, şeýle hem deňligi, özara ynamy we düşünişmegi, Özbegistan Respublikasynda halal syýahatçylygyň ösüşinde ruhy we täjirçilik mümkinçiliginiň netijeliligini, etiki kadalaryň we düzgünleriň gymmatlygyny hem-de wajyplygyny, olaryň döwletiň ykdysady we medeni ösüşindäki ähmiýetini göz öňünde tutup, halal syýahatçylyk üçin amatly şertleri üpjün etmekligi göz öňünde tutýar” diýip, habarda aýdylýar. Halal-syýahatçylyk we dynç alyş, yslamyň kadalaryna laýyklykda syýahat etmäge we dynç almaga mümkinçilik berýän syýahatçylygyň bir görnüşidir. Hususan-da, myhmanhanalarda diňe alkogolsyz içgiler hödürlenýär, ähli iýmitler halallyk ülňüsine laýyk gelýär hem-de erkekler we aýallar üçin aýratyn infrastruktura bilen enjamlaşdyrylan. Häzirki wagtda diňe Türkiýede musulmanlar üçin ýöriteleşdirilen halal myhmanhanalar we şypahanalar bar. Syýahatçylygyň bu görnüşi üçin aýratyn teklipler Malaýziýada, Birleşen Arap Emirliklerinde we Müsürde bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir