«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmek isleýänleriň artýandygyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşa we yzyna uçuşlaryň sanyny artdyrdy. Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar merkezi habar berýär. Belläp geçsek, Aşgabadyň Halkara howa menzili sagatda 1600 sany ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müňden gowragyny kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda, 1380 orunlyk çagalar dynç alyş merkezler hem-de 9 sany kottejler toplumlary işleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir