Londonyň metro stansiýalarynda ýerleşýän dört sany K8 telefon budkasy Angliýadaky taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizildi. Bu barada penşenbe güni Evening Standard habar berdi. Neşiriň habar bermegine görä, Sanly tehnologiýalar, medeniýet, metbugat we sport ministrligi bu mawy telefon budkalaryny aýratyn gyzyklanma bildirilýän we goraga mätäç desgalaryň sanawyna goşdy. Angliýanyň Taryhy binalar we ýadygärlikler boýunça iş toparynyň wekiliniň sözlerine görä, "XX asyryň Beýik Britaniýasynyň tehnologiki we medeni aýratynlyklaryny görkezýän şular ýaly budkalar gaty az we goralmalydyr". Mawy K8 telefon budkalary 1960-njy ýyllaryň ortalarynda binagär Brýus Martin tarapyndan öňkülere garanyňda abatlamak we hyzmat etmek has aňsat bolar ýaly görnüşde taslamalaşdyrylypdyr. 1968-nji ýyldan 1983-nji ýyla çenli Angliýada takmynan 11 000 sany şol döwrüň öňdebaryjy budkasy oturdylypdyr. 1984-nji ýylda, takmynan 50 sanysyndan başgasynyň hemmesi söküldi we täzesine çalşyldy.