Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen Sammitindäki çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi. Döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlar ýüze çykýandygyny belledi. Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bar bolan dürli global wehimler we howplar biziň döwletlerimiziň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de bizden zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär. «Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän Maslahatyny döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi.