Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda lukmançylyk we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir we bu babatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi. «Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek we lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek üçin, 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip edýäris» – diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutany bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi-de örän manydardyrdygyny aýratyn ünsi çekdi. «Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport Oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge we Oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.