Yragyň Elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel ýekşenbe güni parlament komitetiniň agzalary bilen geçirilen ýygnakda iki wekiliýetiň Katara we Türkmenistana baryp, gaz importy bilen baglanyşykly ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy diýip, Yragyň parlamentiniň metbugat gullugyna salgylanýan Yragyň täzelikler gullugy (INA) habar berýär. Muny Orient ýetirýär. Hasabatda bu duşuşygyň ministrligiň tomusda elektrik üpjünçiligi boýunça meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirilendigi aýdylýar. Komitetiň başlygy, esasanam, tomus aýlarynda temperaturanyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly raýatlary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Fadel elektrik energiýasy bilen bagly kynçylyklary netijeli çözmek we elektrik beketlerini zerur ýangyç bilen üpjün etmek üçin Nebit ministrligi bilen ýygnak geçirilendigini aýtdy. Yragyň wezipeli ýolbaşçysy iki wekiliýetiň Türkmenistana we Katara baryp, elektrik stansiýalaryny işletmäge ýeterlik ýangyjyň bolmagyny gazanmak üçin iki ýurtdan gaz import etmäge mümkinçilik berýän şertnamalary ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy. Ondan öň Yragyň premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudani Yragyň energiýa pudagynyň ýolbaşçylaryna gaz importy üçin alternatiw çözgütleri tapmagy we şu nukdaýnazardan Türkmenistan we Katar bilen gepleşikleri dowam etdirmegi tabşyrypdy.