Ýaponiýanyň Mazda awtoulag öndürijisi 2027-nji ýylda ilkinji elektrik awtoulagyny bazara çykarmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi. Onuň berýän habaryna görä, 2028-nji ýyldan başlap, Mazda bu görnüşli ulagyň önümçiligini yzygiderli artdyrmak isleýär. Mundan başga-da, kompaniýa Toyota bilen hyzmatdaşlykda elektrik ulaglary üçin dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmegi maksat edinýär. 22-nji iýunda Nikkei neşiri 2024-nji ýylda Panasonic korporasiýasynyň Mazdany elektrik ulagyň batareýalary bilen üpjün edip başlajakdygyny habar berdi.