Nissan ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada 1,38 million ulagyny yzyna ýygnaýar. Bloomberg agentliginiň ýazmagyna görä, ulaglarda, modellere baglylykda, dürli näsazlyklar bar. Yzyna çagyrylýan modelleriň arasynda Note, Kicks, Serena we elektrikli Leaf bar. Kemçilikleriň arasynda – kruiz-kontrol dolandyryş öçürilende tizligiň duýdansyz artmagy, ýöräp barýarka gysga utgaşma sebäpli motoryň, faralaryň öçmegi. Ýüze çykarylan näsazlyklar sebäpli awtoulag heläkçiligi hasaba alynmady. Model ýyllary, haýsy bazarlar we ulaglaryň sany barada has jikme-jik maglumatlar takyk ýurtlarda yzyna çagyrmak yglan edilende mälim bolar. Hususan-da, amerikan NHTSA-sy entek resmi beýanat ýaýratmady.