Halkara sambo federasiýasy (FIAS) sportuň bu görnüşini Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmagyň üstünde işleýär. Bu barada sişenbe güni FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow TASS agentligine habar berdi. Şestakow: "Häzir biz munuň üstünde işleýäris" -diýdi. Şeýle hem Şestakow sambo ýaryşyň maksatnamasyna golaýdaky Oýunlarda goşulmaz diýdi. Aziýa oýunlary 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda geçiriler.