Rimac Nevera giperkary Gudwud trassasynda 1,9 kilometrlik ýoly 49,32 sekuntda geçip, köpçülikleýin öndürilen elektrik ulaglary üçin ýol tizliginiň rekordyny täzeledi. Ýaryşyň wideosy çäräniň resmi YouTube kanalynda çap edildi. Adaty “Goodwood Hill Climb” ýaryşynda Nevera iň çalt awtoulaglar klasynda bäsleşdi we öz toparyndaky ýeke-täk elektrik awtoulagy boldy. Beýleki gatnaşyjylara Dodge Viper GTS-R, Ferrari 488 Challenge, Ford Puma WRC, Porsche 911 GT2 RS Clubsport, Porsche 911 GT3 Cup, McLaren M26, Nissan GT-R R32, Subaru GL Family Huckster we McLaren Solus GT girdi. Soňkusy 2023-nji ýyldaky iň gowy wagty - 45,34 sekunt netijäni görkezdi. Iňlis McMurtry Speirling elektrokary (39,08 sekunt) geçen ýyldan bäri Gudwud-yň absolýut çempionydyr. “Speirling Pure” diýlip atlandyrylýan söwda görnüşi şu tomus yglan edildi, ýöne ony 2025-nji ýylda öndürip başlarlar, onuň her biriniň bahasy 820 000 funt sterling (1 million dollardan gowrak) bolup, bary-ýogy diňe 100 sanysy öndüriler. Gudwud-yň ýolunda Rimac Nevera-dan öňe geçýän başga-da iki sany elektrikli awtoulag bar, ýöne olaryň hiç biri-de raýat ulagy däl. Bu Volkswagen ID.R (39,9 sekunt) sport prototipidir we adaty ýollara çykmaga ygtyýary bolmadyk Nio EP9 (44,32 sekunt) trek giperkarydyr.