HHR-iň ýolbaşçylarynyň elektrik ulaglaryň önümçiligini höweslendirmek maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurt elektrikli awtoulag öndürmekde we satmakda dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu barada duşenbe güni Bloomberg habar berdi. Onuň berýän maglumatyna görä, 2022-nji ýylda şeýle ulaglaryň (gibrid hereketlendirijili awtoulaglary goşmak bilen) 5,67 milliony - dünýädäki jemi ulag söwdasynyň ýarysyndan gowragy satyldy. Bloomberg NEF gözleg guramasynyň çaklamalaryna görä, bu görkeziji şu ýyl öndürilmegine garaşylýan 14,1 million elektrik ulagynyň takmynan 60% -ine ýetip biler. Bloomberg Hytaý hökümetiniň geçirýän çäreleriniň arasynda elektrik awtoulaglaryny alyjylara we öndürijilere berilýän subsidiýalary, şeýle hem degişli infrastrukturanyň progressiw ösüşini agzaýar. Eýýäm ýurtda dünýä boýunça iň köp zarýad beriş nokatlarynyň ulgamy bar: 2022-nji ýylda olaryň sany 649 müň artdy, bu bolsa dünýäde gurlan zarýad beriş nokatlarynyň 70% -den gowragyny düzýär. Iň iri elektrikli ulag öndürijiler Hytaý bazarynda barha köpelýär. Geçen ýyl Tesla bu bazarda paýyny gazanmaga synanyşandan soň, Audi we BMW ýaly beýleki daşary ýurt öndürijileri hem şoňa meňzeş tagallalary etdiler. Bu, diňe bir Hytaý bazaryndaky ornuny saklamaga çalyşmak bilen çäklenmän, eýsem daşary ýurtlardaky gatnaşygyny giňeltmäge çalyşýan ýerli öndürijileriň jogap hökmünde işjeňleşmegine sebäp boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir