«Ýüpek ýoly» halkara ýaryşy tamamlanyp, onuň baýrak gowşurylyş dabarasy Moskwa şäheriniň merkezinde Gyzyl meýdanda geçirildi. Resmi çykyşlardan soňra türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Bu ýaryşa gatnaşan türkmen türgenleri hem baýraklymeýdança çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belende galdyrdy. T2 kategoriýasynda bäsleşen türkmen türgenleri Merdan Toýlyýew/Şöhrat Toýlyýew 2-nji, Maksatmyrat Daňatarow/Didar Orazmedow 3-nji orny eýeledi. T2 ralli-reýdiniň netijeleri: Anton Melnikow / Anton Nikolaýew (Toyota LC 200) — 3 sagat 05:21. Merdan Toýlyýew/ Şöhrat Toýlyýew (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Nissan Patrol) +2 sagat 13:23. Maksatmyrat Daňatarow/Didar Orazmedow (Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy, Nissan Patrol) +2 sagat 34:15. Ýewraziýada iň uly ýaryşlaryň biri bolan bu rallä Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Serbiýanyň, Ysraýylyň, Kipriň, Albaniýanyň, Latwiýanyň, Litwanyň, Moldowanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, başga-da käbir ýurtlaryň toparlary-da gatnaşdylar. Ýaryşyň ugry Russiýanyň 13 sebitiniň üstünden geçdi. Bäsleşigiň esasy baýragy bolan “Ak peleň” ugrundaky göreşe gatnaşýanlar jemi 5241 kilometr aralygy geçdiler.