Bentley kompaniýasy adaty bolmadyk rekordyň goýlandygyny yglan etdi. Uzyn esasly Bentayga krossoweri Gudwudyň trassasyndaky kötele 1 minut 21 sekuntda çykmagy başardy. Şol bir wagtyň özünde, wnedorožnik 2,5 tonna saman ýüklenen tirkegi çekdi we hereketlendirijisi täze sintetiki ýangyçda işledi. Bentley iňlisleriň “ýol otlusynyň” tirkegli awtoulaglaryň arasynda Gudwudyň rekordyny goýandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, howpsuzlyk nukdaýnazaryndan ýaryş, onuň geçiriljek çägi taýýarlap ýörkä, adaty Tizlik festiwalynyň maksatnamasyndan daşgary geçirildi, şonuň üçin bu rekord resmi däl hasaplanýar. 550 at güýji bolan 4.0 litrlik turbo görnüşli V8 bilen Bentley Bentayga EWB iňlisleriň samandan we oba hojalygynyň galyndylaryndan ýasaýan täze sintetiki ýangyjyny ulandy. Awtoulaga ýüklenen saman takmynan 1800 kilometr ýol geçmäge ýetýän ýangyç öndürmek üçin ýeterlikdir. Täze Bentley ýangyç hereketlendirijileriniň gurluş üýtgemezden hereket edip biljekdigi öňe sürülýär. Kompaniýanyň Goodwood-da görkezjek ähli Bentley-leri täze ýangyçdan dolduryldy. Bu olaryň öndürýän zyýanly zyňyndylarynyň mukdarynyň 85% azalmagyna getirer.