ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda saýlawdan öňki kampaniýany geçirmek üçin 72 mln dollar töweregi pul ýygnady. Report agentliginiň belleýşi ýaly, bu barada “The Hill” gazeti habar berýär. Baýden tarapyndan ýygnalan serişdeleriň mukdary öňki prezident Donald Trampyň we islendik dalaşgäriň görkezijilerinden iki esse köpdür diýip, gazet belleýär. Bu hem oňa saýlawyň öň ýanyndaky kampaniýasynyň ilkinji aýlarynda uly üstünligi üpjün edýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, häzirki prezidentiň gaýtadan saýlanmagy boýunça kampaniýa 72 mln dollar ýygnady. Şeýle-de, Baýdeniň elinde 77 mln dollar nagt puluň bardygy we bu mukdaryň taryhda demokrat üçin iň uly mukdardygy habar berilýär. Respublikaçylaryň arasynda ýeňiji we Baýdenden soň ikinji Tramp boldy. Ol kampaniýany geçirmek üçin 35 mln dollardan gowrak ýygnady.