Tesla amerikan kompaniýasy ilkinji Cybertruck elektropikapyny döretdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp, Reýter agentligi habar berýär. Agentligiň maglumatlaryna görä, Tesla şu ýylyň ahyrynda Cybertruck-yň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär, bu hem awtoulag bazaryna doly derejede çykmaga we Ford Motor hem Rivian Automotive bilen bäsleşmäge mümkinçilik berer. Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, awtoulagyň korpusy örän berk poslamaýan polatdan taýýarlanan, aýnalary bronýalanan. Ilon Mask awtoulagyň kuzowynyň 9-mm kalibrli okuň geçmegini saklar ýaly derejede berkdigini aýdýar. Belläp geçsek, Tesla Cybertruck modelini 2019-njy ýylda hödürledi, köpçülikleýin önümçiligiň başlanmagy 2021-nji ýyla meýilleşdirildi, ýöne ahyrynda ol 2022-nji ýyla, soňra 2023-nji ýyla yza süýşürildi. Mask şeýle gijikdirmäni modeliň birnäçe aýratynlyklaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy we üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler bilen düşündirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir