17-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedow A.Sazakowy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi hem-de ony bu Gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet migrasiýa gullugynyň täze ýolbaşçysy harby borja wepalylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip hem-de halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdigi barada dabaraly kasam etdi. 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Döwlet migrasiýa gullugynyň öňki başlygy B.Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçysy wezipesine belledi. A.Sazakowa bolsa Gullugyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi tabşyrypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir