Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo iberen gynanç hatynda ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary baradaky habary çuňňur gynanç duýgulary bilen kabul edendigini belledi. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, güýçli ýagyşlaryň netijesinde suw joşgunlary emeli geldi. Joşgun Günorta Koreýanyň aglaba böleginde elektrik energiýasynyň öçürilmegine getirdi. Azyndan 40 adam ýogalan, 10 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. Müňlerçe adam howply zolakdan göçürildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir