Apple kompaniýasynyň iPhone 15 smartfonyny resmi taýdan yglan etmegine, takmynan, iki aý galdy, şonuň üçin aksessuar öndürijiler telefonyň takyk maketini we onuň ölçegleri baradaky maglumatlary alyp başladylar. Hytaýyň MyDrivers portaly daşlyk we gorag aýnalaryny öndürijilere salgylanyp, hataryň ähli smartfonlarynyň - adaty iPhone 15-iň, şeýle hem iPhone 15 Plus-yň, iPhone 15 Pro-nyň we iPhone 15 Pro Max-yň suratlaryny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, iPhone-nyň energiýa sygymyny ýokarlandyrjak has uly batareýalydygy sebäpli ähli telefonlar birneme galňady. Mundan başga-da, ekran çarçuwasy birneme dar bolar we ähli iPhone 15 zarýad bermek üçin USB-C birikdirijisini alar. Pro wersiýalarynda sesi öçüriji pereklýuçatel fiziki düwme bilen çalşyrylar. iPhone 15 -iň yglan edilmegi sentýabr aýynda Apple-iň adaty tanyşdyrylyş dabarasynda bolmaly.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir