Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) «Çandraýan-3» planetalararasy awtomat stansiýasyny anna güni bortda Aý ulagy bilen Aýa iberdi. GSLV Mk III raketa-göterijisi Bangladeş aýlagynyň Şriharikota ada ýerleşen Satiş Dhawan adyndaky Kosmos merkezinde ýerleşýän kosmodromdan bat aldy. Uçurylyş hindi teleýaýlymlary tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi. ISRO-nyň habaryna görä, “Çandraýan-3” missiýasynyň esasan üç maksady bar: Aýyň ýüzüne howpsuz we ýumşak gonmagy amala aşyrmak, Ýeriň emeli hemrasynyň üstünde wezdehoduň işleýşini görkezmek we bir topar ylmy synaglary geçirmek. Planetara stansiýa üç esasy bölekden durýar: hereketlendiriji ulgamly modul, gonuş moduly we Aý roweri. Biraz soň Hindi kosmos gullugy “Çandraýan-3” stansiýasynyň bat alyşdan takmynan 20 minut soň raketa-göterijiden üstünlikli bölnüp, Ýeriň orbitasyna çykarylandygyny habar berdi.