Ikinji çärýekde Mercedes-Benz Group kompaniýasynyň elektromobilleriniň satuwy Germaniýada we ABŞ-da islegiň ýokarlanmagy netijesinde iki esseden gowrak ýokarlandy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär. Elektromobilleriň satuw möçberi bir ýyl ozalky 25,2 müň awtoulag bilen deňeşdirilende, 56,3 müň birlik boldy. Umuman, geçen çärýek Mercedes-Benz awtomobilleriniň satuwy 6% - 515,7 müň birlige çenli ýokarlandy. Ýewropada 157,1 müň awtoulag satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 5% köpdür. Aziýada satylan awtomobilleriň sany 10% ýokarlanyp, 239,2 müňe ýetdi. Demirgazyk Amerikada satuwyň 3% ösüşi hasaba alyndy – 98,8 müň birlige çenli. Ýylyň başyndan bäri Mercedes-Benz Group-yň paýnamalarynyň bahasy 17% ýokarlandy.