Halkara energetika agentligi (HEA) şu ýyl üçin global nebit çykarylyşy boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy: indi onuň bir günde 1,6 mln barrel (b/g), bir günde 101,5 mln barrele çenli ýokarlanmagyna garaşýar. Report agentliginiň habar berşi ýaly, bu agentligiň aýlyk dokladyndan gelip çykýar. “2023-nji ýylda global çykarylyşyň bir günde 1,6 mln barrel, ýagny bir günde 101,5 mln barrele çenli ýokarlanjakdygy çaklanylýar, sebäbi OPEK+ guramasyna girmeýän ýurtlarda nebit teklibi 1,9 mln (b/g) artar” – diýlip, dokladda aýdylýar. Bir aý öň HEA 2023-nji ýylda dünýäde nebitiň çykarylyşynyň 1,4 mln (b/g), 101,3 mln (b/g) çenli ýokarlanjakdygyny çaklapdy. Dokladda HEA-nyň 2023-nji ýylda nebitiň çykarylyşynyň OPEK+-dan daşary 1,9 mln (b/g) we 2024-nji ýylda 1,2 mln (b/g) ýokarlanmagyna garaşýandygy bellenilýär. Iýun aýynda dünýäde nebitiň çykarylyşy bir günde 480 müň barrel, 101,8 mln barrele çenli ýokarlandy.