Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminamada: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmelidigi; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, degişlilikde, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini, merkezi edaralarynyň işgär sanawy hakyndaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamalydygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidigi; Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenilýändigi; Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenilýändigi bellenilýär.