TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): I. Bedenterbiýe we sport (hünär: sport). II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; be-denterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi). 2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak). 3. Psihologiýa ylymlary (hünär: sport psiho-logiýasy). Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bel leni len nusgada rektoryň adyna ýazy lan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykl anan göçürmesi; — sport hünäri boýunça okuwa girýän dalaş-gärl er üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekde-binden hödürnama we häsiýetnama (bedenter-biýe hünärine resminama tabşyrýan l ara türgeniň hünär dereje kitapçasynyň zerurlygy ýok); — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňij ileri, halkara bäs-leşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy to-parynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýag-daýl ary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärl er we nusga l aryny tab-şyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary gör-kezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7- si günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8- i günleri; Mary we l aýaty — awgust aýynyň 9-y, 12-si we 14-i günl eri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 15-i günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 18-i we 19-y günleri; Balkan welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 18-i we 19-y günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär: hünär: sport — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler saýlap alan sportuň görnüşin-den tassykl anylan möçbernamany ýerine ýetir-meli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünär: bedenterbiýe — beden taýýarlygy boýunça tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş; hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgy-ýeti öwreniş; hünärler: sagaldyş işi; sport psihologiýasy — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türk-menistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synag larynyň tertibinde bel leni l en wagtda synag lara esassyz sebäp lere görä ge l ip bilmedik-ler ýa-da okuw ders l eriniň biri boýunça synag l ardan geçip bilmedikl er soňky synag l ara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan: — orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler; — 2019 — 2023-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri; — 2019 — 2023-nji ýyllarda sportuň görnüş-leri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy to-parlarynyň agzalary; — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgün l e-re laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 39-98-70, 39-98-71

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir